Türkiýe 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çäginde ilkinji medalyna eýe boldy

Bürünç medeal almak ugrunda Bosniýa-Gersegowinaly Nedzad Husiç bilen bäsleşen türk türgen 22-13 bal bilen garşydaşyndan üstün çykdy

1679858
Türkiýe 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çäginde ilkinji medalyna eýe boldy

Türkiýäniň milli taekwondoçysy Hakan Reçber, 2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çäginde 68 kg agyrlygynda bürünç medal alyp Türkiýä Olimpiýa oýunlarynyň çäginde ilkinji madalyny gazandyrdy. 

Makuhari Messe A zalynda geçirilen taekwondo ýaryşynda Hakan Reçber, soňky 16-lyk tapgyrynda braziliýaly Ediwal Pontesden üstün çykyp çärýek finala geçdi. 

21 ýaşyndaky milli türk türgen, şol tapgyrda bolsa Beýik Britaniýaly Bredli Sindenden ýeňildi we finala çykmak mümkinçiligini ýetirdi. 

Sindeniň finala çykmagy bilen Täze Zelandiýaly Tom Burns bilen bäsleşen we garşydaşyndan üstün çykan Hakan Reçber, bürünç medal üçin bäsleşmäge hukuk gazandy. 

Bürünç medeal almak ugrunda Bosniýa-Gersegowinaly Nedzad Husiç bilen bäsleşen türk türgen 22-13 bal bilen garşydaşyndan üstün çykdy. 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #taekwondo

Degişli Habarlar