Stambul Howa Menzilinde “15-nji Iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni” Sergisi Açyldy

Sergide ýaşuly-ýaşkiçi, aýal-erkek diýmezden 7-den 70-e millionlarça adamyň “milli ygtyýara” eýe çykyşy fotosuratlar arkaly gürrüň berilýär.

1675346
Stambul Howa Menzilinde “15-nji Iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni” Sergisi Açyldy

Türk halkynyň tutanýerliligini we gahrymançylygyny gürrüň berýän foto suratlaryndan ybarat  “15-nji Iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni” sergisi Stambul howa menzilinde açyldy.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna garşy duran türk halkynyň tutanýerli göreşini gürrüň berýän sergide, şol gije şehit bolan raýatlaryň fotosuratlary sergilenýär.

Sergide ýaşuly-ýaşkiçi, aýal-erkek diýmezden 7-den 70-e millionlarça adamyň “milli ygtyýara” eýe çykyşy fotosuratlar arkaly gürrüň berilýär.

Sergide 15-nji iýul şehitleriniň we gahrymanlarynyň şol gije geýen käbir egin eşikleri hem sergilenýär.

Stambul Howa menzilinde açylan sergi 20-njy iýula çenli dowam eder.



Degişli Habarlar