Kappadokiýa 150 Müň Syýahatçy Gelip Gördi

Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri

1672868
Kappadokiýa 150 Müň Syýahatçy Gelip Gördi

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýadaky muzeýlere we taryhy ýerlere iýun aýynda 150,282 ýerli we daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Newşehir Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň görkezijilerine görä Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine degişli Newşehir, Ürgüp we Hajybektaş arheologiýa we etnografiýa muzeýlerine, Karanlyk, El Nazar we Gülşehir buthanalaryna, Derinkuýu, Kaýmakly, Özkonak, Tatlarin we Mazy ýerasty şäherlerine, Göreme açyk howa muzeýine, Zelwe ýadygärligine, Gülşehir harabalygyna, Hajybektaş muzeýine we Hajybektaş Atatürki öýüne iýunda 150,282 ýerli we daşary ýurtly syýahatçy bardy.

Sebitdäki muzeýlere we ýadygärliklere geçen ýylyň iýun aýynda 16971 ýerli we daşary ýurtly syýahatçy gelipdi.



Degişli Habarlar