Prezident Erdogan Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysyna üstünlik arzuw etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, FIVB Milletler ligasynda oýnaýan Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysyna üstünlik arzuw etdi

1657461
Prezident Erdogan Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysyna üstünlik arzuw etdi

Prezident Erdogan sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda: "Italiýada geçirilýän FIVB Milletler ligasynda ynamly ädimler bilen öňe barýan Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysyna öňümizde geçirjek duşuşyklarynda üstünlik arzuw edýärin. Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysy tüýs ýüregimiz bilen ýanyňyzdadyrys" diýip belledi. 

Türkiýäniň milli woleýbol zenan ýygyndysy FIVB Milletler ligasyndaky 12-nji duşuşygynda şu gün agşam ABŞ-nyň ýygyndysy bilen oýnar. 

Duşuşyk Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da başlar. 



Degişli Habarlar