Milli göreşiji Murat Fyrat altyn medala eýe boldy

Türkiýäniň milli pälwany Murat Fyrat, Polşanyň Pytlasinskiý adyndaky açyk greko-rim göreş çempionatynda 67 kg agyrylygynda altyn medala eýe boldy

1656953
Milli göreşiji Murat Fyrat altyn medala eýe boldy

Türkiýäniň Göreş federasiýasyndan berilen beýanatda, Warşawa şäherinde geçirilýän çempionatda ASKI sport toplumynyň göreşijisi Murat Fyratyň finalda 23 ýaşdan kiçileriň arasynda dünýä çempiony bolan müsürli Muhammed Ibrahim Alsaýedi 5-3 hasabynda ýeňip, birinji oruna mynasyp bolandygy habar berildi. 

Çempionatda 77 kg agyrylygynda göreşen türk pälwany Ýunus Emre Başar bolsa 5-nji oruna mynasyp boldy. 


Etiketkalar: #Polşa , #greko-rim , #pälwan , #göreş

Degişli Habarlar