Türkiýäniň Milli Ýygyndy Futbol Komandasy EURO 2020-ä Şowsyz Başlady

Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy, Italiýadan 3-0 hasabynda ýeňildi

1656489
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Futbol Komandasy EURO 2020-ä Şowsyz Başlady

Italiýanyň paýtagty Rimde geçirlen A toparynyň ilkinji bäsleşiginde Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy Italiýa bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy 2020 Ýewropa Futbol çempionadynyň (EURO 2020) açylyş bäsleşiginde Italiýadan 3-0 hasabynda ýeňildi.

Italiýa bu ýeňişi bilen A toparyndaky bäsleşiklerine 3 bal bilen başlady.

Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy bolsa ilkinji bäsleşigine şowsyz başlady.



Degişli Habarlar