Prezident Erdogan Türk Türgenlerini Gutlady

Prezident Erdogan Paratletika Ýewropa çempionadynda 21 medal alan türk türgenlerini gutlady

1652888
Prezident Erdogan Türk Türgenlerini Gutlady

 

Prezident R. T. Erdogan Paratletika Ýewropa çempionadynda 6-sy altyn, 7-si kümüş we 8-i bürünç jemi 21 medal alan türk türgenlerini gutlady.

Prezident Erdogan, Twitterden beren habarnamasynda “Polşada geçirlen Paratletika Ýewropa çempionadynda ýurdumyza 21 medal bilen gaýdyp gelen, bizi buýsandyran milli türgenlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagboluň çagalar. Sizi bu milletiň öýünde myhman almak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan habarnamasynda başarjaň türgenleriň atlaryna hem ýer berdi.



Degişli Habarlar