Super Liganyň Çempiony Beşiktaş boldy

Türkiýäniň ýokary futbol ligasy bolan Super Lıganyň Çempiony Beşiktaş komandasy boldy

1640010
Super Liganyň Çempiony Beşiktaş boldy

2020-2021-nji futbol möwsüminde 42-nji hepdede we soňky hepde duşuşygynda Göztepe komdandasyndan 2-1 hasabynda üstün çykan Beşiktaş, gollaryň köplügi boýunça Galatasaraý komandasyndan geçip çempion boldy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Sport Toto Super ligasynda çempion bolan Beşiktaş komandasyny we janköýerlerini gutlady. 

Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Sport Toto Super liganyň 2020-2021-nji futbol möwsüminiň çempiony bolan Beşiktaşy we ähli janköýerlerini tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip belledi. 


Etiketkalar: #çempion , #futbol , #Beşiktaş

Degişli Habarlar