Türkiýä dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany

Türkiýä geçen ýyl we şu ýylyň ilkinji 2 aýynda 17 million 18 müň 964 syýahatçy dynç almaga geldi

1624116
Türkiýä dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiýä 2020-nji ýylda dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 15 million 971 müň 201 adam boldy. 

Şol syýahatçylaryň 12,7 milliony daşary ýurtly, 3,2 milliony bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlaryndan ybarat boldy. 

Gümrük geçelgelerinden alynan maglumata görä, Türkiýä 2021-nji ýylda 509 müň 787, fewral aýynda bolsa 537 müň 976 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurt, 2 million 128 müň 758 adam bilen Russiýa boldy. 

Russiýadan soň sanawyň 2-nji ornunda 1 million 242 müň 961 adam bilen Bolgariýa gelýän bolsa, 3-nji orunda 1 million 118 müň 932 adam bilen Germaniýa gelýär. 

Germaniýadan soň bolsa nobat bilen Ukraina, Britaniýa, Gruziýa, Yrak, Eýran, Fransiýa we Gollandiýa gelýär. 



Degişli Habarlar