Demirgazyk Koreýa, Tokio Olimpiadalaryndan Çekildi

Tokio Olimpiada oýunlarynyň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 23-i bilen awgust aýynyň 8-i aralygynda geçirilmegi barada karar kabul edilipdi

1615563
Demirgazyk Koreýa, Tokio Olimpiadalaryndan Çekildi

Demirgazyk Koreýa, türgenlerini täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan goramak maksady bilen Tokio olimpiadalaryna gatnaşmajakdygyny habar berdi.

Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, iýul aýynda geçirilmegine garaşylýan Tokio olimpiadalaryndan çekilen ilkinji ýurt Demirgazyk Koreýa boldy.

Demirgazyk Koreýanyň Olimpiada komiteti, kararyň türgenleri Kovid-19 epidemiýasyndan goramak maksady bilen kabul edilendigini mälim etdi.

2020-njy ýylyň iýul aýynyň 24-i bilen awgust aýynyň 9-y aralygynda geçirilmegi meýilleşdirlen emma epidemiýa sebäpli yza süýşürlen 2020 Tokio Olimpiada oýunlarynyň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 23-i bilen awgust aýynyň 8-i aralygynda geçirilmegi barada karar kabul edilipdi.



Degişli Habarlar