Milli türk fehtowaniýeçi Nisanur Erbil dünýäde 2-nji boldy

Milli türk fehtowaniýeçi (gylyçlaşýançy) Nisanur Erbil, Müsüriň paýtagty Kair şäherinde geçirilen Ýyldyzlar we ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy

1614402
Milli türk fehtowaniýeçi Nisanur Erbil dünýäde 2-nji boldy

Türkiýäniň Fehtowaniýe Federasiýasyndan berilen beýanata görä Nisanur Erbil, ýaş zenanlaryň kategoriýasy boýunça ýaryşa gatnaşdy. 

Milli türgen, Nisanur Erbil bolgariýaly Emma Neikowany 15-6, fransiýaly Matilda Muruny 15-10, müsürli Sara Şoumany 15-5 we özbegistanly türgen Zaýnab Daýybekowany 15-13 hasabynda ýeňip, ýarym finala adyny ýazdyrdy. 

Ýarym finalda rus türgen Dariýa Drozdan 15-13 hasabynda üstün çykan Nisanur Erbil, finalda Günorta Koreýaly Haýoung Jeona 15-14 hasabynda ýeňilip, 2-nji oruna mynasyp boldy. 



Degişli Habarlar