Türkiýäniň ýygyndysy şu gün Latwiýanyň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirer

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy, 2022 FIFA Bütindünýä futbol çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde G toparynda şu gün Latwiýanyň ýygyndysy bilen oýnar

1610969
Türkiýäniň ýygyndysy şu gün Latwiýanyň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirer

Stambul Atatürk olimpiýa stadionynda geçiriljek duşuşyk Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar we TRT Sport telewideniýe kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler. 

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy G toparynyň çägindäki ilkinji duşuşygynda Gollandiýanyň ýygyndysyndan 4-2 hasabynda, 2-nji duşuşygynda Norwegiýanyň ýygyndysyndan 3-0 hasabynda üstün çykypdy. Toparynda 6 baly bolan Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy, şonça bala eýe bolan Çernogoriýadan san tapawut boýunça öňde barýar. 

Latwiýa bolsa geçiren 2 duşuşygy boýunça hiç hili bal alyp bilmedi. 

G toparynyň beýleki duşuşyklarynda bolsa şu gün Gibraltar-Gollandiýa we Çernogoriýa-Norwegiýa özara bäsleşerler. 



Degişli Habarlar