Türkiýede ýetişdirilýän kantaron baly, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Ýylda 2-3 gezek ýygnanýan beýleki ballara garanyňda, kantaron balyny ýylda diňe bir gezek ýygnap bolýandygy mälim edildi

1610207
Türkiýede ýetişdirilýän kantaron baly, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkiýede ary koloniýalaryndan uzakda we deňiz derejesinden 2 müň 500 metr beýiklikdäki gowakda ýetişdirilýän kantaron baly, 1 kilogram bahasy 10 müň ýewro bilen dünýäniň iň gymmat baly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi internet saýtynda berilýen maglumata görä, 16-njy martda kantaron balynyň dünýäniň iň gymmat baly hökmünde rekordlar sanawyna alynandygy mälim edildi. 

Rekordyň täzelenmegini tassyklamak üçin geçirilen duşuşykda resmi bir emin agzanyň, balyň ýokary üstünligini tassyklandygy aýan edildi. 

Kantaron balynyň beýleki ballara garanyňda tapawutlydygy, reňkiniň goýydygy we ajy tagamynyň bardygy beýan edildi. 

Mundan başgada balyň düzüminde magniý, kaliý, fenol, flawonoid we antioksidant maddalarynyň bardygy habar berildi. 

Ýylda 2-3 gezek ýygnanýan beýleki ballara garanyňda, kantaron balyny ýylda diňe bir gezek ýygnap bolýandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar