Beşiktaş komandasy yzly-yzyna 5-nji gezek ýeňiş gazandy

Super Liganyň 29-njy hepdesinde Beşiktaş we Gaziantep komandalary özara duşuşyk geçirdiler

1596470
Beşiktaş komandasy yzly-yzyna 5-nji gezek ýeňiş gazandy

Türkiýäniň ýokary futbol ligasy bolan Super Liganyň 29-njy hepdesinde Gaziantep komandasy bilen Beşiktaş komandasynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Beşiktaş komandasy garşydaşy Gaziantep komandasyny 2-1 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna 5-nji gezek ýeňiş gazandy. 

Stambul şäherinde geçirilen duşuşykda Beşiktaş komandasynyň gollaryny 15-nji we 72-nji minutlarda Aboubakar geçiren bolsa, Gaziantep komandasynyň ýeke täk pökgüsini 90-njy minutda penaltiden Diko geçirdi. 



Degişli Habarlar