Kuşadasyna 200 Müň Syýahatçynyň Gelmegi Maksat Edinilýär
Ilkinji gäminiň 1-nji maýda gelmegine garaşylýar
Aýdynyň Kuşadasy etrabynda 2021-nji ýylda kruiz gämileri bilen 200 müň syýahatçynyň gelmegi maksat edinilýär.
Global Portz Holdingiň Gündogar Ortaýer deňizinden jogapkär ýolbaşçysy Aziz Güngör, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň dünýäde kruiz syýahatçylygyna ýaramaz täsirini ýetirendigini aýtdy.
Kruiz gämileriniň Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda uly rol oýnaýandygyny aýdan Güngör, şu ýyl Kuşadasyndaky Ege portuna uly gämiler bilen 200 müň syýahatçynyň gelmegine garaşýandyklaryny belledi.
Ilkinji gäminiň 1-nji maýda gelmegine garaşýandyklaryny aýdan Güngör, Gresiýaly firma degişli gäminiň 2 mün adamlykdygyny nygtady.
Degişli Habarlar
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesinde geçirilen duşuşyklar we olaryň netijeleri
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Amerikaly jaz aýdymçysy Samara Žoý 19-njy aprelde Stambulda konsert berer.