Serbiýa Türkiýe bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Serbiýanyň Medeniýet we maglumatlar ministri Maýa Goýkowiç, Türkiýe bilen medeniýet ugry boýunça gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini habar berdi

1585878
Serbiýa Türkiýe bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Serbiýanyň Medeniýet we maglumatlar ministri Maýa Goýkowiç, Türkiýänň Belgrad şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tanžu Bilgiç bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurdyň arasyndaky umumy medeni mirasyň goralmagy ara alynyp maslahatlaşdy.

Medeniýet we maglumatlar ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Maýa Goýkowiç we Tanžu Bilgiç umumy medeni mirasyň goralmagynyň ähmiýedine ünsleri çekip, aralarynda Osmanly döwletinden galan we Belgrad şäherindäki Baýrakly metjit hem bolan taryhy binalaryň abatlaýyş işlerini maslahatlaşdylar.

Iki ýurdyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň örän gowy we ösendigi bellenip geçilen duşuşykda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň dowamly häsýetde duşuşyk geçirmekleriniň şol gowy gatnaşyklaryň görkezijisidigi nygtalyp geçildi.

Serbiýanyň Medeniýet we maglumatlar ministri Maýa Goýkowiç, Serbiýanyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini, şol sebäpli guramadyr-edaralaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde kinematografiýa bilen sesli we wizual önümler babatynda hem gatnaşyklaryny berkitmegi maksat edinýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar