Inlisler 2020-nji Ýylda-da Muglany Saýlap Aldy

Mugla welaýatynda syhahatçylar üçin ähli şertler we ýeňillikler döredilen

1565710
Inlisler 2020-nji Ýylda-da Muglany Saýlap Aldy

Saýlama syýahatçylyk merkezlerini özünde jemleýän Mugla koronawirus epidemiýasyna garamazdan hödürlenen howpsyz we saglyk syýahatçylygy hyzmatlary bilen inlisleriň üýtgewsiz dynç alyş merkezi boldy.

Dünýäniň esasy syýahatçylyk destinasiýalaryndan biri bolan Mugla deňizi, gumak kenarlary, nurly güneşi bilen taryhy we tebigy gözellikleri taýdan hem özüne çekidi. Muglada taryhy şäherleri ýokary amatlykly myhmanhanalar hem syýahatçylary özüne çekýär.

Ýylda millionlarça syýahatçyny kabul edýän şäherde Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň utgaşdyrmagynda koronawiru epidemiýasynda başladylan “Howpsyz syýahatçylyk şahadatnamalandyryş maksatnamasynyň” çäginde sagdyn we howpsyz dynç alyş mümkinçiligi hödürlendi.

Türkiýä gelen iňlis syýahatçylarynyň esasy bölegi tarapyndan isleg bildirilen Mugla geçen ýyl hem iňlisleri özüne çekdi.

Geçen ýyl Mugla 695,314 syýahatçy geldi.

Şolaryň 309,717 sanysy iňlis syýahatçylaryndan ybarat. Nobaty bilen Russiýadan, Ukrainadan, Polşadan we Germaniýadan gelen syýahatçylar hem Mugla isleg bildirdiler.

 



Degişli Habarlar