PSŽ komandasy Marsel komandasyndan üstün çykyp, Fransiýanyň Super kubogyna eýe boldy

2020-nji ýylyň Fransiýanyň Super Kubogynda, Olimpik Marsel komandasyndan 2-1 hasabynda üstün çykan Pari Sen-Žermen (PSŽ) komandasy kubogyň eýesi boldy

1563559
PSŽ komandasy Marsel komandasyndan üstün çykyp, Fransiýanyň Super kubogyna eýe boldy

Şu ýyl 44-nji gezek geçirilen turnirde, geçen ýylyň futbol möwsüminiň ligasynyň çempiony we Fransiýanyň kubogynyň eýesi bolan Pari Sen-Žermen (PSŽ) komandasy bilen geçen ýylyň futbol möwsüminde 2-nji oruna mynasyp bolan, Marsel komandasy Lens şäherindäki Bollar Delelis stadionynda duşuşyk geçirdiler. 

PSŽ geçen futbol möwsüminiň hem liganyň çempiony hem-de Fransiýanyň kubogynyň eýesi bolanlygy sebäpli düzgünlere laýyklykda Marsel komandasy bilen oýnady. 

PSŽ duşuşygyň ilkinji ýarsynyň 39-nji minudynda Mauro Ikardiniň salan goly bilen öňe çykdy we oýunyň ilkinji ýarsy bu netije bilen tamamlandy. 

PSŽ oýunyň 2-nji ýarsynda Braziliýaly futbolçy Neýmaryň 85-nji minutda ulanan penaltisinde salan goly bilen tapawudy 2-ä ýetirdi. 

Marsel komandasy bolsa Paýetiň 89-njy minutda geçiren goly bilen hasaby 2-1 ýetirdi.

Duşuşykda 2-1 hasabynda üstün çykan PSŽ kubogy yzly-yzyna 8-nji gezek, jemi bolsa 10-njy gezek muzeýine alyp gitdi. 



Degişli Habarlar