Pamukkala 11 günde 6 müň 850 adam gelip gördi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras sanawynda bolan Pamukkala ýylyň ilkinji 11 gününde 6 müň 850 adam gelip gördi

1562260
Pamukkala 11 günde 6 müň 850 adam gelip gördi

Türkiýäniň iň gelim-gidimli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Denizli welaýatyndaky Pamukkala barýan ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar, koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülen öňüni alyş çäreleriniň düzgünlerine laýyklykda gezelenç edýärler. 

Pamukkala barýan myhmanlar maska, sosial araçäk we arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda trawertinlere, şypaly suwlara we olaryň töweregindäki gadymy şäherlere gezelenç edýärler. 

Ýylyň dört paslynda hem gyzyklanma bildirilýän ak jennet Pamukkala, täze ýylda hem syýahatçylaryň ünsüni çekmäge dowam edýär. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #Pamukkale

Degişli Habarlar