Gremmi Baýraklarynyň Gowşurylmagy Yza Süýşürildi

ABŞ-da aýdym-saz äleminiň “Oskary” atlandyrylýan 63-nji Gremmi baýraklarynyň yglan ediljek çäresi koronawirus sebäpli yza süýşürildi

1558443
Gremmi Baýraklarynyň Gowşurylmagy Yza Süýşürildi

“Rolling Stone” atly aýdym-saz saýtyndan berilen habarda Kaliforniýa ştatynyň Los-Anželes şäherinde 31-nji ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýrak gowşurlyş dabarasynyň Kowid-19 pandemiýasyna ýolukýanlaryň sanynyň artýandygy sebäpli yza süýşürilendigi, resmi beýannamanyň birnäçe günüň dowamynda beriljekdigi mälim edilýär.

Noýabr aýynda dalaşgäri yglan edilen interwýuda baýrak gowşurlyş dabarasyny guraýan “Rekording Akademi” atly guramanyň başlygy Garweý Mason az sanly tomaşaçy üçin niýetlenen çäräniň meýilleşdirilýändigini, beýleki taýarlyklaryň üstünde işleýändiklerini aýdypdy.

Amerikan mediasyndaky habarlarda baýrak gowşurlyş agşamynyň mart aýynda geçirilmegine garaşylýandygy beýan edilýär.

63-nji Gremmi baýrakklaryna 9 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenen amerikaly pop ýyldyzy Beýons Gremminiň taryhynda iň köp dalaşgärlige hödürlenen zenan aýdymçy derejesine eýe boldy.

Beýonsdan soň 6 ugur boýunça dalaşgär Teýlor Swift, Roddi Liç we Dua Lipa öňe saýlanýar.

2020-nji ýylda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli MTW wideo aýdym-saz baýraklary, Latyn Gremmileri we Emmi baýraklary ýaly ençeme baýrak gowşurlyş dabaralary onlaýn görnüşde we çäkli tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.



Degişli Habarlar