TRT “Medeniýete we Sungata Goşant Baýragyna” Laýyk Görüldi

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy (TRT) “Medeniýete we Sungata Goşant Baýragyna” laýyk görüldi

1547857
TRT “Medeniýete we Sungata Goşant Baýragyna” Laýyk Görüldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginin goldaw bermeginde Türkiýe Kino we Audiowizual Medeniýet Gaznasy tarapyndan 23-njisi geçirilen “Randewu Stambul Halkara Film Festiwaly” tarapyndan berilen baýragy TRT-niň baş Müdiri Ibrahim Eren aldy.

Ibrahim Eren Türkiýäniň döwlet ýaýlym oragny TRT-niň medeniýete we sungada goşant goşmakda esasanda soňky ýyllarda ençeme taslamany iş ýüzüne geçirendigini aýtdy.

Eren TRT-nin pudaga berýän goldawyna hem ünsleri çekip: “TRT telefilmler, 12 Punt ssenari günleri, TRT 2 ýaýlymynyň açylmagy bilen pudaga berýän goldawy arkaly uly goşant goşmagy nazarda tutýar. TÜRSAK ýaly 29 ýyldan bäri şu pudakda iş alyp barýan guramalardan şeýle baýragy almak meni buýsandyrýar” diýdi.

Festiwalyň çäginde “Halkara Randewu baýragy” prudýuser Timur Sawja, “Kino sungadyna goşant baýragy” bolsa Kadir Beýjiogluna berildi.

Festiwaldaky 30 filme we beýleki çärelere koronawirus epidemiýasy sebäpli “Zoom” we “TÜRSAK Gaznasy ÝouTube kanalyndan” 3-nji dekabra çenli tomaşa edilip bilner.



Degişli Habarlar