Futbol dünýäsi ýasda...

Futbol dünýäsi, iň gowy futbolçylarynyň birini ýitirdi...

1534902
Futbol dünýäsi ýasda...
maradona 2.JPG
maradona 3.JPG
maradona 4.JPG
maradona 5.JPG
maradona pele.JPG

Futbol taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Diýego Armando Maradona, ýürek keseli sebäpli ýogaldy. 

Yzynda bolsa 60 ýyllyk reňkli bir durmuş galdy. 

Durmuşynyň käbir ýerleri beýikdedi, käbir ýerleri bolsa çöketlikde.

Futbolyň şasy, gysga wagt ozal beýnisine operasiýa etdiripdi we uzak möhlet hassahanada galypdy. 

Karýerasy üstünlikler we skandallar bilen doly bolan Maradona, 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda dogulypdy. 

Futbol karýerasyna Argentinos Juniors toparynda başlan Maradona, Boka Juniors toparyndan soň, 1982-nji ýylda rekord baha Barselona komandasyna geçdi. 

2 ýyl Kataloniýanyň formasyny geýen Maradona, ondan soň bolsa adyny dünýä tanatjak Napoli toparyna geçdi. 

Napoli komandasy bilen 2 gezek çempion bolan Maradona, 1986-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň hem ýyldyzy boldy. 

Argentinanyň ýygyndysy dünýä futbolynyň çempiony boldy, kubogy Maradona galdyrdy. 

1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň çärýek finaly hem Maradona üçin ýatdan çykmajak pursatlar bilen doly boldy. 

Britaniýanyň ýygyndysynyň derwezesine dünýä kubogynyň iň owadan, hem-de jedelleşikli goluny geçiren Maradona, taňrynyň eli diýip atlandyran gol bilen futbol dünýäsini ençeme wagtlap başagaý etdi. 

Argentinaly ýyldyzyň Britaniýanyň ýygyndysynyň derwezesine geçiren 2-nji goly bolsa Maradonanyň adyna gelişýän aýratynam owadandy. 

Bu gol FIFA tarapyndan Asyryň goly hökmünde kabul edildi. 

1990-njy ýylda geçen Dünýä Çempionaty bolsa Maradona üçin gynançly geçdi. 

Argentina finalda Germaniýa ýeňildi, Diýego bolsa oýundan soň göz ýaş dökdi. 

Pele bilen birlikde Asyryň futbolçysy saýlanan Maradona, Argentinanyň adyndan 91 oýunda 34 gezek pökgi geçirdi. 

Karýerasy üstünlikler bilen dolan Argentinaly ýyldyzyň komandasy, UEFA Kubogynda, UEFA Super kubogynda, Italiýanyň Kubogynda, Italiýanyň Super kubogynda, Ispaniýanyň ligasynda, kubogynda we super kubogynda çempion bolmagy başardy. 

Futbol karýerasyny bes edeninden soň tälimçi bolan Maradona, 2010-njy ýylda dünýä kubogynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy. 

Dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň biri hökmünde kabul edilen Maradona üçin Argentinada 3 günlik ýas yglan edildi. 

Iňlis,Italiýan, Ispan we Argentinanyň metbugatynda çykan habarlaryň söz başysy: 

Daily Express - Taňrynyň elinde

La Gazzeta delo Sport - Maradonany gördüm

A Bola - Soňky urgy

Corriere dello Sport - Diýego ýaşaýar

I'Humanite - Görüşeris dostum

Morgen Post - Taňry elini yzyna aldy

Metro - Maradona Taňrynyň elinde

The Daily Telegrapf - Pele: Dünýä bir ýyldyzyny ýitirdi

Tuttusport - Adios görüşeris



Degişli Habarlar