Antalýa 450 Müň Ukrain Syýahatçy Geldi

Koronawirus epidemiýasyna garamazdan Antalýa Ukrainadan 450 müň syýahatçy geldi

1525809
Antalýa 450 Müň Ukrain Syýahatçy Geldi

Antalýanyň Gubernatory Ersin Ýazyjy Ukrainanyň Antalýadaky Konsuly Emir Rustamow bilen duşuşdy.

Ukrainaly syýahatçylaryň Antalýa uly isleg bildirýändigini beýan eden Gubernator Ýazyjy, Türkiýe bilen Ukrainanyň iki dost ýurtlardygyny aýtdy.

Antalýa gelen ukrainaly syýahatçylaryň sanynyň barha artýandygyny beýan eden Ýazyjy: “Pandemiýa garamazdan Antalýa 450 müňe barabar ukrainaly syýahatçy geldi. Enşalla pandemiýadan soň dünýä şäher Antalýamyzda myhmanlarymyzy kabul etmäge dowam ederis” diýdi.

Rustamow bolsa Ukraina bilen Türkiýänin arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynyň iň gowy günlerini başdan geçirýändigini aýtdy.

Ukrainalylaryň Türkiýäni gowy görýändigini aýdan Rustamow: “Türkiýe biziň hem dostumyz hem-de strategik hyzmatdaşymyz. Antalýa iňňän owadan şäher. Pandemiýadan soň başlan uçar gatnawlary bilen ukrainaly syýahatçylar ilkinji nobatda Antalýa geldiler. Sebäbi raýatlarymyz bärde pandemiýa garşy degişli çäreleriň görülendigi gördüler” diýdi.



Degişli Habarlar