Bakuda we Saraýewoda Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde bolsa taryhy Wýeçnisa kitaphanasynda, Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi

1518437
Bakuda we Saraýewoda Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi
saraybosna turk bayragi 1.jpg

Azerbaýjanyň paýtagty Bakunyň täze binagärçilik simwollaryndan biri bolan Haýdar Aliýew Merkezi bilen Bakunyň Olimpiýa stadionynyň daşary tarapyndan Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi. 

29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirilen Baku Olimpiýa stadionynda we Haýdar Aliýew merkezinde türk aýdym-sazlary ýaňlandy. 

Haýdar Aliýew merkeziniň daşary tarapynda Türkiýäniň baýdagynyň şöhelendirilmegini Türkiýäniň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral hem tomaşa etdi. 

Erkan Özoral metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň "Iki döwlet, bir millet" hökmünde hem şatlyklaryny hem-de gam-gussalaryny paýlaşýan iki ýurtdugyny belledi. 

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde bolsa taryhy Wýeçnisa kitaphanasynda, Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi.  

Saraýewonyň iň möhüm simwollaryndan biri bolan gadymy Wýeçnisa kitaphanasyna 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi. 



Degişli Habarlar