Afýonkarahisarda Elenistik Döwüre Degişli Diwar Galyndysy Tapyldy

Taryhy diwar birnäçe swilizasiýanyň täsirlerini özünde jemleýär

1509865
Afýonkarahisarda Elenistik Döwüre Degişli Diwar Galyndysy Tapyldy

Afýonkarahisar welaýatynyň Dinar etrabynda Gadymy Apameia şäherinin aktiki teatrynda dowam edýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Elenistik döwüre degişlidigi çaklanylýan diwar tapyldy.

Taryhy Ýüpek ýolunyň we Şa ýolunyň kesişýän nokadynda ýerleşýän Apameia iäheri frig, pers, seleukos we Rim swilizasiýalarynyň täsirlerini özünde jemleýär.

Gadymy şäheriň ýüze çkan esasy binagärlik ýadygärligi bolan antiki teatrdaky halas ediş gazuw işleri Afýonkarahisar Medeniýet we syýahatçlyk müdirliginiň, Afýon Kojatepe uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde, Dinar etrap häkimliginin we minisuplitetiniň ýardam bermeginde 4 ýyldan bäri dowam edýär.

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk Müdiri Mehmet Tanyr taryhy çeşmelerde Apameianyň Rim döwründe Efesden son Anadolynyň esasy söwda merkezi hökmünde bilinýändigini beýan etdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Medeni ýagygärlikler we muzeýler baş müdirliginiň rugsadyna laýyklykda 2017-nji ýylda Apameianyň teatr böleginde halas ediş gazuw işleri alynyp barylýar.

 

 



Degişli Habarlar