Antalýa iň köp syýahatçy Russiýadan we Ukrainadan geldi

Antalýa welaýatyna ýylyň 9 aýynda gelen jemi 2 million 576 müň 537 daşary ýurtly syýahatçylaryň aglabasyny ruslar we ukrainalylar emele getirdi

1509657
Antalýa iň köp syýahatçy Russiýadan we Ukrainadan geldi

Dünýäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri hasaplanýan Antalýa, deňizi, gumy, güni, sport we golf dynç alyşy bilen öň hatara çykýar. 

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň koordinasiýasy esasynda täze görnüş koronawirus etabynda başladylan "Howpsyz dynç alyş rugsatnamasy programmasynyň" çäginde Antalýada syýahatçylar howpsuz dynç alyşyň keýpini ýaşaýarlar. 

Ýylyň başyndan 30-njy sentýabra çenli 2 million 576 müň 537 syýahatçynyň gelen Antalýa, Kovid-19 etabynda hem dünýäde iň köp isleg bildirilen dynç alyş zolaklarynyň biri boldy. 

Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň hatarynda 1 million 831 syýahatçy bilen Russiýa sanawyň 1-nji ornuny eýelän bolsa, 2-nji orununy 448 müň 189 syýahatçy bilen Ukraina, 272 müň 386 syýahatçy bilen Germaniýa 3-nji oruny, 196 müň 695 syýahatçy bilen Britaniýa 4-nji oruny eýeledi. 



Degişli Habarlar