Türkiýe-Serbiýa Bäsleşigini Kabakow Gönükdirer

Türkiýe-Serbiýa bäsleşigi ertir Türk Telekon stadionynda Türkiýe wagty bilen 21.45-de başlar

1507819
Türkiýe-Serbiýa Bäsleşigini Kabakow Gönükdirer

 

Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy UEFA Milliler B ligasynyň 3-nji toparynda Serbiýa bilen bäsleşer.

Türkiýe-Serbiýa bäsleşigini Bolgariýaly emin agza Georgi Kabakow gönükdirer.

Bolgariýaly Martin Margaritow bilen Diýan Walkow hem bäsleşigiň gönükdirilmeginde Kabakowa kömek berer.

Bäsleşigiň 4-nji emin agzasy bolsa Nikola Popow bolar.

Türkiýe-Serbiýa bäsleşigi ertir Türk Telekon stadionynda Türkiýe wagty bilen 21.45-de başlar we TRT Sport kanalynda ýaýlyma berler.



Degişli Habarlar