Galata minarasynda Azerbaýjanyň baýdagy şöhlelendirildi

Düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:15-de başlaýan çäre, gijäň ýaryna çenli dowam etdi

1500037
Galata minarasynda Azerbaýjanyň baýdagy şöhlelendirildi

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň agzybirliginiň we jebisliginiň görkezijisi hökmünde Stambul şäherinde ýerleşýän Galata minarasynda Azerbaýjanyň baýdagy şöhlelendirildi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen Galata minarasynyň Azerbaýjanyň baýdagynyň şöhlelendirilmegi bilen bagly çärä raýatlar hem uly gyzyklanma bildirdi. 

Düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:15-de başlaýan çäre, gijäň ýaryna çenli dowam etdi. 



Degişli Habarlar