Antalýa 3 günde 100 müň syýahatçy geldi

Syýahatçylyk pudagynyň ýaňadandan janlanmaga başlanmagy bilen Antalýa daşary ýurtlardan 3 günde 510 uçar bilen 100 müň ýolagçy geldi

1479436
Antalýa 3 günde 100 müň syýahatçy geldi

Antalýa howa menziliniň Baş direktory Deniz Warol, esasan hem Russiýadan uçar saparlarynyň başlamagy bilen Antalýa howa menzilindäki ýygylygyň artandygyny belledi. 

Russiýadan ilkinji etapda Antalýa 7 şäherden uçaryň gelendigini aýdan Warol, şu günki gün bolsa şol uçuş nokatlarynyň sanynyň 16-a ýetendigini mälim etdi. 

Howa menziliniň diňe Russiýadan däl, eýsem dünýäniň 31 ýurdundan myhman kabul edýändigini aýdan Warol, hem ýolagçy sanynda hem-de uçar saparlarynyň sanynda artyşyň bardygyny belledi. 

Şu günki uçuş monitorlarynda Russiýa, Germaniýa, Ukraina, Polşa, Britaniýa ýaly möhüm bzarlardan daşary Albaniýa, Makedoniýa we beýleki Balkan ýurtlarynyň biri-birinden tapawutly nokatlarydnan uçarlaryň bardygyny aýdan Warol, Antalýanyň howpsyz syýahatçylyk zolakdygyny subut edendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar