Antalýa 31 ýurtdan 850 müň syýahatçy geldi

Russiýadan 106 müň, Ukrainadan 74 müň, Germaniýadan 48 müň, Britaniýadan 36 müň syýahatçy geldi

1476456
Antalýa 31 ýurtdan 850 müň syýahatçy geldi

 

Dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 31 ýurtdan 850 müň syýahatçy geldi.

Antalýa täze görnüş koronawirus epidemiýasy etabynda saglygy goraýyş taýdan ynamdar syýahatçylyk merkezi boldy.

Kovid-19-a garşy göreşde degişli çäreleriň görülmegi bilen Antalýa gelýän syýahatçylaryň sany köpelmäge başlady.

Şähere günde ortaça 180 uçar gelýär.

Awgust aýynyň 1-15-i aralygynda  Russiýadan 106 müň, Ukrainadan 74 müň, Germaniýadan 48 müň, Britaniýadan 36 müň syýahatçy geldi.

15 günde Antalýada 31 ýurtdan jemi 325 müň syýahatçy geldi.

Ýanwar aýyndan bäri şähere gelen syýahatçylaryň sany 850 müň adamdan geçdi.



Degişli Habarlar