Ukrainaly Syýahatçylara Şarly Gezelenç Üçin Şertli Rugsat Berildi

Ukrainaly syýahatçylyk toparlary üçin Kappadokiýadaky şarly gezelençleriň başladylmagy üçin awgust aýynyň 22-25-i aralygynda şertli rugsat berildi

1474507
Ukrainaly Syýahatçylara Şarly Gezelenç Üçin Şertli Rugsat Berildi

Türkiýäniň Myhmanhanlar Bileleşigi ukrainaly syýahatçylardan Kappadokiýadaky şarly gezelençleriň başladylmagy üçin uly isleg bildirilmegi sebäpli Ulaglar we infrastruktura ministrligi bilen gepleşikler geçirdi.

Bileleşigin gepleşikleri netijesinde ministrlikden ukrainaly syýahatçy toparlaryna üstümizdäki aýyň 22-25-i aralygynda şertli rugsat berildi.

Şarly gezelençlere sagdyn we gigieniki düzgünleri laýyklykda hem-de adam sanlary çäklendirilen görnüşde rugsat beriler.

Raýat awiasiýa baş müdirligi koronawirus pandemiýasy sebäpli Kappadokiýadaky şarly gezelençleri 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli bes edipdi.



Degişli Habarlar