Antalýa iki günde takmynan 40 müň rus syýahatçy geldi

Antalýanyň gubernatory Ersin Ýazyjy beýanat berdi

1471751
Antalýa iki günde takmynan 40 müň rus syýahatçy geldi

Antalýanyň gubernatory Ersin Ýazyjy, koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň bütin Türkiýede bolşy ýaly Antalýa şäherinde hem ýokary derejede görülendigini habar berdi. 

Myhmanlaryň Antalýa gelmäge başlandygyny aýdan Ýazyjy: "Düýn 22 müň rus syýahatçy gelipdi. Şu gün bolsa 17 müň 571 rus syýahatçyny kabul etmäge başladyk. Takmynan ortaça 10 müň töweregi bolan syýahatçy sany düýn 34 müň 996 adama ýetdi. Nesip bolsa ýakyn wagtda nemesler hem geler we syýahatçylyk pudagy has hem özgerer" diýip belledi. 

Ýazyjy, gelen ýolagçylaryň howa menziline girenlerinden başlap, howpsyz bir dynç alyş geçirjekdiklerini duýandyklaryny habar berdi. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #rus , #Antalýa

Degişli Habarlar