Ilkinji rus syýahatçylar Türkiýä geldi

Howa menzilinden çykan rus syýahatçylar: "Türkiýäni we Antalýany örän küsedik, salam Türkiýe" diýip aýtdylar

1470239
Ilkinji rus syýahatçylar Türkiýä geldi

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde arakesme berilen uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy bilen 519 rus syýahatçy "Syýahatçylygyň paýtagty" Antalýa şäherine geldi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli mart aýynda togtadylan uçar saparlary, 1-nji awgustda Stambul we Ankara şäherlerine, şu günden başlap bolsa Antalýa, Dalaman we Bodrum ýaly ýerlere gelmäge başlady. 

Moskwa Şeremetýewo howa menzilinden ýola çykan uçar, sagat 03:25-de Antalýa howa menziline gondy. 

Kovid-19 sebäpli giň-gerimli çäreleriň görülen howa menziline maşgalalary we dostlary bilen gelen syýahatçylar, maska geýip uçardan düşdiler. 

Teplowizion kameralaryndan geçen we belli nokatlara ýerleşdirilen dezenfesirleýän serişdeler bilen ellerini arassalan syýahatçylar, pasport we ýük alyş işlerinden soň, awtobuslara münüp galjak myhmanhanalaryna tarap ýola çykdylar. 

Howa menzilinden çykan rus syýahatçylar: "Türkiýäni we Antalýany örän küsedik, salam Türkiýe" diýip aýtdylar. 

Beýleki tarapdan Moskwa Domodedowo howa menzilinden 178 rus syýahatçy bilen ýola çykan uçar, sagat 07:20-de Dalaman howa menziline gondy. 

Şu günüň dowamynda Russiýadan Dalaman howa menziline ýene-de 5 uçar saparynyň amala aşyryljakdygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #rus , #Antalýa

Degişli Habarlar