Germaniýa Türkiýe üçin beren syýahat duýduryşyny Aýdyn, Antalýa, Izmir we Mugla üçin bes etdi

Germaniýa Kowid-19 sebäpli 31-nji awgusta çenli 160 ýurt üçin syýahat duýduryşyny beripdi

1467396
Germaniýa Türkiýe üçin beren syýahat duýduryşyny Aýdyn, Antalýa, Izmir we Mugla üçin bes etdi

 

Germaniýa täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli Türkiýe üçin beren syýahat duýduryşyny Aýdyn, Antalýa, Izmir we Mugla üçin bes etdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berlen beýanatda, Aýdyn, Mugla, Izmir we Antalýa üçin syýahat duýduryşynyň bes edilendigi nygtaldy.

Beýanatda syýahatçylaryň Türkiýeden gaýtmanka 48 sagadyň dowamynda PCR testinden geçmelidigi ýatladyldy.

Germaniýa Kowid-19 sebäpli 31-nji awgusta çenli ÝB-ne agza ýurtlardan we Şengen zolagyndan daşary 160 ýurt üçin syýahat duýduryşyny beripdi.

Beýleki tarapdan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý, Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýe hökmünde, saglygy goraýyş taýdan ynamdar ýurt meýilnamasy bilen germaniýaly myhmanlarymyzy kabul etmäge taýar” diýdi.



Degişli Habarlar