Sabiha Gökçen howa menzilinden Russiýa ikitaraplaýyn häsýetde uçar saparlary başlady

Sabiha Gökçen howa menzili koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde 28-nji martda uçar saparlaryny bes edipdi

1465577
Sabiha Gökçen howa menzilinden Russiýa ikitaraplaýyn häsýetde uçar saparlary başlady

Türkiýäniň Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menzilinden Russiýa guralýan ikitaraplaýyn häsýetdäki uçar saparlary, koronawirus epidemiýasy sebäpli berilen arakesmeden soň ýaňadandan başladyldy. 

Ilkinji uçar sagat 13:30-da Sabiha Gökçen howa menziline gonan Pobeda howaýollary kärhanasyna degişli uçar, Moskwa-Sabiha Gökçen uçar saparlaryny hepdäniň her güni ikitaraplaýyn häsýetde ýerine ýetirer. 

Pegasus howaýollary kärhanasynyň 17:50-de Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinden uçan Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menziline gonjak uçar bilen bolsa rus syýahatçylary Stambula gelmäge dowam eder. 

Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menzili koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde 28-nji martda uçar saparlaryny bes edipdi, howa menzili 1-nji iýunda ýaňadandan açylypdy. 



Degişli Habarlar