Russiýadan Türkiýä uçar saparlary başlady

Russiýadan Türkiýä täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli arakesme berilen uçar saparlary ýaňadandan başlady

1465419
Russiýadan Türkiýä uçar saparlary başlady

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde ýerleşýän Wnukowo howa menziline baran ýolagçylar, Türk howaýollary kärhanasyna degişli uçara münmek üçin bilet işlerini ýerine ýetirdiler.

Aglabasy rus raýatlaryndan emele gelen ýolagçylaryň käbirleri, Stambulyň üsti bilen Antalýa gidip dynç almagy meýilleşdirýändiklerini habar berdiler.

Şu gün irden Türk howaýollary kärhanasyna degişli uçar bilen Stambula gelen we aglabasy rus raýatlaryndan ybarat bolan ýolagçylar, terminala geçirildiler.

Gyzgyn ölçeýän kamera bilen bedenleriniň gyzgyny ölçelen ýolagçylaryň aglabasynyň maska geýendikleri görüldi.

Pasport gözegçiliginden geçen ýolagçylar, bagažlaryny alanlaryndan soň howa menzilinden çykdylar.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlary Kovid-19 epidemiýasy sebäpli mart aýynda togtadylypdy.



Degişli Habarlar