Menjilis gowagy ünsleri özüne çekýär

Gowagyň 65-200 million ýyl ozal emele gelmäge başlandygy çaklanylýar

1465267
Menjilis gowagy ünsleri özüne çekýär

 

Karabüküň BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan taryhy öýleri bilen ýakyndan tanalýan Safranbolu etrabynda ýerleşýän Türkiýäniň 4-nji uly gowagy Menjilis ünsleri özüne çekýär.

Gowagyň 65-200 million ýyl ozal emele gelmäge başlandygy çaklanylýar.

6 müň 52 metr uzunlygyndaky 3 gatly gowak ajaýyp öwüşginleri bolan kiçi ýerasty derýasy, şaglawugy we iki köli bilen ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdär.

Ýylyň 4 paslygynda 15 gradus üýtgewsiz ýylylygy olan Menjilis gowagyna gezelenç maksady bilen gelýänleriň sany gün saýyn köpelýär.

Gowagyň dem gysma ýaly keseller üçin şypaly bolandygy aýdylýar.


Etiketkalar: #ÝUNESKO , #dem gysma , #gowak

Degişli Habarlar