Bodrumda mega ýahtalar köpelmäge başlady

Içinde kimleriň bardygy entek anyklanmadyk mega ýahtalar, adamlaryň ünsüni özüne çekýär

1446051
Bodrumda mega ýahtalar köpelmäge başlady
bodrum mega yatlar.jpg
bodrum mega yatlar1.jpg

Günorta Egeý deňiziniň meşhur syýahatçylyk merkezi bolan Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyndaky biri-birinden owadan aýlaglarynda ýahtalar artmaga başlady.

Jeniffer Lopes, Haydi Klum, Juliýa Roberts ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň ulanan 75 metr uzynlygyndaky "Kloudbreak" atly mega ýahta Bodrumyň Ýalykawyk etrapçasynyň suw giňişligine labyryny taşlady. 

Mega ýahtanyň, iň kyn deňiz şertlerinde we iň uzak ýerlerine syýahat edip biljek ýagdaýda dizaýn edilendigi, çal gabarasy, ýiti liniýalary we harby stili bilen ünsleri özüne çekiji aýratynlyga eýedigi aýan edildi. 

Ýahtada dikuçar başda bolmak bilen howuz, jakuzi, spa, sport zaly, kinoteatr ýaly ençeme ýeňillikler döredilen. 

Kaýman adalarynyň baýdagyny göterýän 55 metr uzynlygyndaky "İleria" atly ýahtada şol aýlaga ardy. 

Içinde kimiň bardygy entek anyklanmadyk mega ýahtalar, adamlaryň ünsüni özüne çekýär. 



Degişli Habarlar