Oskar gijesi koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürildi

Oskar gijesi 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçirler

1437286
Oskar gijesi koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürildi

 

Kinofilm dünýäsiniň iň abraýly baýraklarynyň gowşurylýan gijesi bolan Oskar gijesi, ABŞ-da koronawirus epidemiýasy howpynyň dowam edýändigi sebäpli yza süýşürildi

2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdiriýän 93-nji Oskar gijesiniň Kovid-19 epidemiýasy sebäpli yza süýşürlendigi we 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljekdigi nygtaldy.

Oskara dalaşgärlige hödürlenjek filmleriň ýüz tutma möhlediniň hem 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli uzadylandygy ýatladyldy.

ABŞ-da mart aýyndan bäri howply bolmaga dowam edýän epidemiýa garşy görlen çäreler kino film we telewideniýe pudagyna hem ýaramaz täsirini ýetirdi.

Oskar gijesi soňky gezek 1981-nji ýylda ABŞ-nyň şol döwürdäki Prezidenti Reýgeniň janyna kast edilendigi sebäpli 24 sagat yza süýşürlipdi.

 



Degişli Habarlar