Super Liganyň 12-nji iýunda başladylmagy üçin ähli taýarlyklar tamamlandy

Duşuşyklarda mundan soň futbol komandalaryna oýunyň dowamynda 5 futbolçyny çalyşmaga rugsat beriler

1425193
Super Liganyň 12-nji iýunda başladylmagy üçin ähli taýarlyklar tamamlandy

Türkiýäniň Futbol Federasiýasy koronawirus epidemiýasy sebäpli arakesme berilen Super liganyň 12-nji iýunda başlanmagy üçin ähli taýarlyklaryň tamamlanandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Futbol Federasiýasy tarapyndan berilen beýanatda, Super ligada bu futbol möwsüminde aşakgy liga geçirilmegiň ortadan aýrylmagy bilen bagly 7 aýry futbol klubynyň hödürlän talabynyň ret edilendigi aýan edildi. 

Beýanatda, futbol möwsüminiň mundan soňky bölüminde ligada we kubok duşuşyklarynda futbol komandalaryna oýunyň dowamynda 5 futbolçyny çalyşmaga rugsat beriljekdigi habar berildi. 


Etiketkalar: #duşuşyk , #Super liga , #futbol

Degişli Habarlar