Türkiýe  dünýäniň iň köp Mawy baýdakly 3-nji ýurdy boldy

Ispaniýa we Gresiýadan soň dünýäniň iň köp Mawy baýdakly 3-nji ýurdy Türkiýe boldy

1422577
Türkiýe  dünýäniň iň köp Mawy baýdakly 3-nji ýurdy boldy

 

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, Türkiýe dünýäniň iň abraýly syýahatçylyk  we daşky gurşaw baýraklaryndan biri bolan “Mawy baýdakda” dünýädäki ýerini gorap saklady.

Merkezi Daniýanyň paýtagty Kopengagende ýerleşýän Halkara daşky gurşaw bilim gaznasynyň 2020-njy ýyldaky habarnamasyna görä, Ispaniýa we Gresiýadan soň dünýäniň iň köp Mawy baýdakly 3-nji ýurdy Türkiýe boldy.

Antalýada Mawy baýdakly 206, Muglada 105, Aýdynda 35, Izmirde 52, Balykesirde 31, Stambulda 2 we Samsunda hem 13 plýaž bar.



Degişli Habarlar