TRT tarapyndan geçirilen Gurhany labyzly okamak bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ilkinji oruna mynasyp bolanlar gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglandyryldy

1420585
TRT tarapyndan geçirilen Gurhany labyzly okamak bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy TRT tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri her ýylyň Oraza aýynda geçirilýän Gurhany labyzly okamak bäsleşiginiň final tapgyry düýn agşam geçirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, TRT tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri her ýylyň Oraza aýynda geçirilýän bäsleşigiň final tapgyryna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, bäsleşige gatnaşanlary gutlady. 

Erdogan çykyşynda, bäsleşigiň geçirilmegine goldaw beren Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaşa we TRT-nyň baş direktory Ibrahim Erene minnetdarlyk bildirdi. 

TRT-nyň baş direktory Ibrahim Eren bolsa, 2017-nji ýylda ilkinji gezek efire berilmäge başlanan gününden bäri tomaşaçy sany artýan we tomaşaçylar tarapyndan takdyr edilen gepleşikleriň biridigini habar berdi. 

Bäsleşikde Hüseýin Akbulut 1-nji oruna, Muhammet Sizjan 2-nji oruna, Eýýüp Ensar Kylyç bolsa 3-nji oruna mynasyp boldy. Ilkinji oruna mynasyp bolanlar gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglandyryldy. 


Etiketkalar: #bäsleşik , #Gurhan , #TRT

Degişli Habarlar