28-nji maýda ýerli syýahatçylar üçin myhmanhanalar açylar

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Bodrumda metbugata beýanat berdi

1418767
28-nji maýda ýerli syýahatçylar üçin myhmanhanalar açylar

 

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, 28-nji maýda ýerli syýahatçylar üçin myhmanhanalaryň açyljakdygyny aýtdy.

Ersoý, Muglanyň Bodrum etrabynda hususy telewideniýe kanalyna beýanat berdi.

Täze görnüş koronawirusa garşy birnäçe ýurtda degişli çäreleriň görlendigini aýdan Ersoý, haýsydyr bir kynçylyk ýüze çykman halatynda 28-nji maýda ýerli syýahatçylar üçin möwsümiň başlamagyna garaşýandyklaryny, iýun aýynyň ortalaryndan soň hem käbir ýurtlardan syýahatçylaryň gelmegi barada pikir edýändiklerini nygtady.

Öz ýurtlarynda koronawirus testinden geçenleriň arkaýyn Türkiýä gelip biljekdigini aýdan Ersoý, testden geçmedikleriň hem howa menzzilinde Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan koronawirus testinden geçiriljekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar