Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ersoý Syýahatçylyk meýilnamasyny aýan etdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý Türkiýäniň Syýahatçylyk meýilnamasyny aýan etdi

1414494
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ersoý Syýahatçylyk meýilnamasyny aýan etdi

Ministr Nuri Ersoý, maýyň ahyrynda ýurdyň öz raýatlaryna, iýunyň soňunda bolsa daşary ýurtlar üçin syýahatçylygyň açyljakdygyny habar berdi. 

Berilen maglumata görä, howa menzillerinde we gümrük geçelgelerinde ýerli we daşary ýurtly ähli syýahatçylara 2-3 minudyň dowamynda test geçiriler. 

Otellerde we restoranlarda stollaryň arasy 1,5 metr aralykda, oturgyçlaryň arasy bolsa 60 sm aralygynda ýerleşdiriler. 

Syýahatçylyk bilen bagly meýilnama sebäpli Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Daşary işler ministrligi işe girişdi. 

Şoňa laýyklykda daşary ýurt söhbetdeşlerine gowy niýet mektuby ugradylar. Ministrleriň ikisi hem ilkinji etapda 70 kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar. 

Telefon söhbetdeşliginde syýahatçylykda görülýän çereler we Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamy düşündiriler. 



Degişli Habarlar