Hünärmenler epidemiýanyň adamlaryň aňyna ýaramaz täsir galdyryp biljekdigi barada duýduryş berdiler

Psihiatrlar we psihologlar, koronawirus epidemiýasynyň häzirki wagtda we geljekde adamlaryň aňyna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş berdiler

1399608
Hünärmenler epidemiýanyň adamlaryň aňyna ýaramaz täsir galdyryp biljekdigi barada duýduryş berdiler

"The Lancet Psychiatry" žurnalynda çap edilen makalada hünärmenler, koronawirus epidemiýasynyň adamyň psihologiýasyna täsirleri bilen baglanşykly giňişleýin derňew geçirilmeginiň gerekdigini bellediler. 

Koronawirus epidemiýasynyň, adamlaryň aňynda häzirki wagtda we geljekde çuňňur yz galdyryp biljekdigini aýdan hünärmenler, ykjam telefonlaryň ýa-da kompýuterleriň adamlaryň aňyna nähili derejde täsir ýetirendigine gözegçilik etmekde ulanylyp bilinjekdigini habar berdiler. 

Psihologlar, epidemiýanyň adamyň psihikasyna ýetiren täsirleriniň derňelmegi üçin häzirki wagtdan eýýäm pul serişdesiniň bölünip aýrylmagynyň gerekdigini nygtadylar. 

Psihologlar, käbir adamlaryň başyndan geçirip biljek alada, depressiýa we ýalňyzlyk duýgularynyň gözegçilik edilmeginiň we olary aýrymagyň hökmandygyny belleýärler. 

Käbir ýurtlarda geçirilen sowalnamalar, epidemiýanyň sebäp bolan aladanyň we izolirleme etabynyň adamlaryň aňyna ýaramaz tasirleriniň bardygyny ýüze çykardy.  

 

 



Degişli Habarlar