TÜRKSOÝ guramasy raýatlara öýlerinde galmaklary barada çagyryş berdi

TÜRKSOÝ guramasy türk dünýäsiniň halk aýdymlary bilen raýatlara öýlerinden galmaklary barada çagyryş berdi

1398030
TÜRKSOÝ guramasy raýatlara öýlerinde galmaklary barada çagyryş berdi

Halkara Türk medeniýeti guramasy-TÜRKSOÝ, türk dünýäsinden biri-birinden tapawutly sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen aýdyma klip taýarlap, raýatlara öýlerinde galmaklary barada ýüzlenme berdi. 

Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň aýdymçylary, TÜRKSOÝ guramasynyň Halk saz gurallary orkestrynyň ýoldaşlyk etmeginde öýlerinde gyrgyzlaryň "Op-Maýda" atly halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. 

Her ýyl TÜRKSOÝ Nowruz dabaralarynyň çäginde bir ýere jemlenip, konsertler beren, emma şu ýyl koronawirus sebäpli goý bolsun edilen dabaralaryň ýerine ýetirijileri bolan sungat işgärleri öýlerinde öz mümkinçilikleri bilen taýarlan klipleri, TÜRKSOÝ-yň sosial media hasaplary bilen birlikde Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň milli telewideniýe kanallaryna görkezildi. 


Etiketkalar: #çagyryş , #aýdym , #TÜRKSOÝ

Degişli Habarlar