Şu gije Berat gijesi
Ali Erbaş Berat gijesi mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Din işler guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaş, bu gije boljak Berat gijesinde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy ähli azamzat üçin dileg etmäge çagyrdy.
Türkiýäniň Diş işler guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaş Berat gijesi mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Bu gijäniň uly rehneti bilen günä geçiş gapylarynyň ahyryna çenli açylan ýörite günleriň biridigini aýdan Erbaş: "Mübärek günler we gijeler: Rebbimiziň, ybadatlarymyzy iki esse sylaglandyrýan, doga we isleglerimizi kabul edýän, bagyşlanmagymyza mümkinçilik berýän ýörite günlerdir" diýip belledi.
Ali Erbaş: "Esasan hem adamlaryň ýer ýüzüne täsir ýetiren bela-beter bilen ýüz-ýüze gelen bu günlerinde, özümiz, milletimiz we ähli adamzat üçin içimizden we tüýs ýüregimiz bilen Rebbimize dileg edeliň we doga okalyň" diýip nygtady.