Kasapogly Kovid-19 sebäpli sport älemindäki duşuşyklaryň yza süýşürilendigini habar berdi

Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasopgly mesele bilen bagly beýanat berdi

1381515
Kasapogly Kovid-19 sebäpli sport älemindäki duşuşyklaryň yza süýşürilendigini habar berdi

Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasopgly, täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasy sebäpli futbol, basketbol, woleýbol we gandbol ligalaryndaky duşuşyklaryň yza süýşürilendigini habar berdi. 

Ministr Kasapogly futbol, basketbol, woleýbol federasiýalarynyň we klublaryň başlyklary bilen maslahat geçirendiklerini mälim etdi. 

Kabul edilen kararlary aýan eden ministr Kasapogly: "Super liga bilen birlikde basketbol we woleýbol ligalaryndaky duşuşyklar yza süýşürildi" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: duşuşyk , ministr , liga

Degişli Habarlar