Kovid-19 Ukrainaly meşhur aktrisa Olga Kurylenka hem ýokdy

Ukrainanyň meşhur aktrisasy Olga Kurylenko hem täze görnüş koronawirus (Kovid-19) testiniň položitel çykandygyny habar berdi

1378984
Kovid-19 Ukrainaly meşhur aktrisa Olga Kurylenka hem ýokdy

40 ýaşyndaky aktrisa Olga Kurylenko, sosial media hasabynyň üsti bilen beren beýanatynda: "Koronawirus testim položitel çykmagyndan soň, öýden çykmaýaryn. Aslyna garanyňda eýýäm 1 hepde bäri syrkawdym. Gyzgynym bardy we özümi hemişe ýadaw duýýardym. Özüňize üns beriň we oňa çynlakaý çemeleşiň" diýip belledi.  

Olga Kurylenko, "Jeýms Bond" filimleriniň "Kwant tesellisi" bölüminde oýnapdy we Rassel Krouň Çanakgalada düşüren "Soňky Umyt" filminde Ýylmaz Erdogan we Jem Ýylmaz bilen birlikde Aýşa roluny ýerine ýetiripdi. 

 


Etiketkalar: koronawirus , aktrisa , Ukraina

Degişli Habarlar