Ýazyjylardan we şahyrlardan Bahar Galkany operasiýasyna goldaw
Bir müň ýazyjy we şahyr Gahar Galkany operasiýasyna goldaw häsýetinde jarnama taýarlady
Türkiýäniň Ýazyjylar Bileleşiginiň Stambul şahamçasynyň ýolbaşçylyk etmeginde, 1 müň ýazyjynyň goly bilen taýarlanan Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlere garşy 27-nji fewralda başladylan Bahar Galkany operasiýasyna goldaw berip, jarnama beýan edildi.
Şahyrlar, ýazyjylar, neşirýatçylar we žurnalistleriň gatnaşmagynda Türkiýäniň Ýazyjylar Bileleşiginiň Stambul şahamçasynda geçirilen metbugat ýygnagy, şehit bolan esgerler üçin Gurhandan okalan aýat-töwirler bilen başlady.
Türkiýäniň Ýazyjylar Bileleşiginiň Stambul şahamçasynyň başlygy Mahmut Byýykly, ol ýerde eden çykyşynda, jarnamanyň internetde 3 aýry dilde çap ediljekdigini habar berdi.
Mahmut Byýykly: "Medeniýetleriň gözbaşy bolan geografiýamyzyň imperialistler tarapyndan dargadylmak islenmegi we global güýçleriň enjamy bolan terror guramalarynyň serhetlerimize guraýan hüjümlerine garşy edermenlik bilen göreş alyp barýan gahryman goşunymyzyň ýanynda bolmak, bu topraklaryň gadyr-gymmatyny bilýän islendik namysly-arly adamyň wezipesidir" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Türkiýä 10 Aýda 47 Million 306 Müň Syýahatçy Geldi
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7,03 göterim artdy.